Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärlerini Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärlerini Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.020

Daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärlerini Türkmenistanyň döwlet

sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 7, 3698-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini omaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek dünýä tejribeleriniň esasynda yzygiderli ösdürmek hem-de «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda uly işler amala aşyryldy.

Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde saglygy goraýyş hyzmatlaryny guramakda gazanylan üstünlikler, ilatymyzyň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatynda döwletimiziň ýeten belent sepgitleri bütin dünýäde ykrar edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýmaga, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryň durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünliklerini nazan alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gün hem-de «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärlerini Türkmenistanyň döwle sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen:

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Fu Çun Margaret Çan Fungy,

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň direktory Žužanna Ferençne Ýakaby,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadem uniwersitet klinikasynyň direktorynyň orunbasary Uwe Hasbargeni,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwigshafen şäheriniň Dental klinikasynyň professory, «Prof.Dr.Dhom & Partner» atly hususy klinikasynyň direktory Gýunter Ýakob Domy,

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadem Unwersitet klinikasynyň endokrinolog lukmany, professor Klaus Giorg Pirhoferi,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, kardiohirurg lukmany, pensioner Ýohann Engelbert Maýsneri,

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin»

medaly bilen:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Hospitalia international» kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynyň Klinikalaryň meseleleri boýunça uly geňeşçisi Karl Weýlandy,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Erlangen şäherindäki hususy kärhanasynyň geňeşçisi Raýnhard Martin Ignory,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, neýrohirurg-lukmany, pensioner Hans-Peter Rihteri,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, pensioner Ýohann Emil Kýuny.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015 ý. iýul aýynyň 17-i.

№ PP-6781