Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 3-4, 3581-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Beýleki pudaklar bilen birlikde, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek we atçylyk pudagynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar we atçylyk sporty boýunça okuw merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem zerur işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren işleri bilen özlerini görkezendikleri. atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge ýardam berendikleri, ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda seýislän bedewi bilen ýokary ussatlygy görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolandyklary, ýaş çapyksuwarlara at çapmagyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwredendikleri üçin, şeýle hem ýokary ussatlygyny we hünäre ezberligini nazara alyp, karar edýärin:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň S. A. Nyýazow adyndaky ahal teke atçylyk athanasynyň atçylyk bölüminiň müdiri Halmyrat Begmyradowiç Babaýewe,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Orazmyrat Baýramguliýewiç Annalyýewe,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň ýaşaýjysy, hususy atşynas Akmämmet Nyýazmyradowa,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy, hususy atşynas Ýollybaý Ýagşybaýewe,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň müdiri-zooweterinary Aýdogdy Açylowiç Rowşanowa,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Jumaberdi Ýazberdiýewe «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 25-nji apreli.

№ PP-6745