Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 3-4, 3580-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdümekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban halkymyzyň çekýän agzybirlikli we tutanýerli zähmeti netijesinde, eziz Diýarymyz bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny gowulandyrmak we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklamak, şeýle hem atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek we atçylyk pudagynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar we atçylyk sporty boýunça okuw merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we seýisçilik sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren, türkmen bedewlerini seýislemäge we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmäge, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge aýratyn şahsy goşant goşandyklaryny, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde uly işleri bitirendiklerini we ýokary netijeleri gazanandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Bazarbaý Meredowa,

hususy atşynas Amanguly Kazakowa «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 25-nji apreli.

№ PP-6744