Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 3-4, 3557-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň belent sepgitlere ýetmeginde, giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda mähriban zenanlarymyzyň bitirýän işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Olar döwleti dolandyrmakda, ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, saglygy goraýyşda, hyzmatlar we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uly işleri bitirýärler. Abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan, mukaddes maşgala ojaklarymyzyň eýesi bolan mähriban zenanlarymyz jemgyýetimizde uly sylag-hormatdan peýdalanýarlar, eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, göz guwanjymyz - ýaş nesillerimize döwrebap edep-terbiýe berýärler.

Bitarap Watanymyzyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary üçin, kabul edilen giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde, bilim ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, senagatda, aragatnaşykda we beýleki pudaklarda, ylmy-barlag işlerinde gazanan ýokary önümçilik-ykdysady görkezijilerini, ösüp gelýän ýaş nesillerimize çuňňur bilim bermekde, olary halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde, hünärmenleri taýýarlamakda, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu zenanlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň Demokratiýa we adam hukuklaryny goramak meseleleri bölüminiň müdiri Şemşat Ataýewna Atajanowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň Ýörite gaznalar bölüminiň müdiri Jahan Klyçewna Berdiýewany,

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň Hukuk we işgärler işleri boýunça bölüminiň baş hünärmeni Ablak Çarmyradowna Şyhlyýewany,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýörite fortepiano kafedrasynyň dosenti Tatýana Goçyýewna Meredowany,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz mugallymy kafedrasynyň uly mugallymy Žanna Nikolaýewna Skorohodowany,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap şahamçasynyň Buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň baş hasapçysynyň orunbasary Baýramgözel Pirnazarowna Atahallyýewany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Nurnabat Baýramowna Hojadurdyýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň baş feldşeri Rejepgül Rozyýewany;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň Meteorologiýa bölüminiň başlygy Larisa Alekseýewna Spiwagy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Nebitsenagat geologiýasy we geofizikasy barlaghanasynyň müdiri Annabibi Taçewna Islamini,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Terbiýeçilik işleri boýunça kafedrasynyň uly mugallymy Gurbangül Garýagdyýewna Nuryýewany,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy Gülälek Kerimowna Garryýewany,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň Raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň etrap bölüm müdiri Sonajemal Muhammedowna Begjanowany,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Abadandaky ýol gurluşyk önümleri kombinatynyň 1-nji asfalt beton zawodynyň işçisi Hurmagözel Hudaýgulyýewna Baýramowany,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlet-taslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň «Daşoguztaslama» döwlet taslama institutynyň Çenlik bölüminiň başlygy Zulpiýe Reýimowany,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky S. A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň elektrik üpjünçiligi önümhanasynyň işçisi Sadat Salimowna Şaripowany.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 5-nji marty.

№ PP-6720