Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy - Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.200.040
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy - Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewi Türkmenistanyň
«Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019 ý., № 10-11, 1312-nji madda)
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem halkara durmuşyna işjeň gatnaşandygyny, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2019 ý., oktýabr aýynyň 11-i.
№ PP-590