Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 2, 1441-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny düýpli özgertmek hem-de bu pudaklary dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly olaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň «Türkmensenagat» agentliginiň işini bes edip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini işini bes eden Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň «Türkmensenagat» agentliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Işini bes eden Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligini, «Türkmenaragatnaşyk» agentligini, «Türkmenawtoulaglary» agentligini, «Türkmenhowaýollary» agentligini hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermeli.

4. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişlilikde:

1) Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hakyndaky Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;

2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň başlyklary hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 07-nji fewraly

№ PP-653