Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.010.010

010.140.060

190.020.020

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 9, 1284-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna - Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Konstitusion topar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri taýýarlamaly hem-de bellenen tertipde hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry

№ PP-578

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda

çykaran PP-578-nji Permany bilen

tassyklandy

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň

DÜZÜMI

Berdimuhamedow Gurbanguly Mälikgulyýewiç – Türkmenistanyň Prezidenti (Toparyň Başlygy)

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy

Türkmenistanyň Baş prokurory

Türkmenistanyň Adalat ministri

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri

Türkmenistanyň Içeri işler ministri

Türkmenistanyň Goranmak ministri

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy