Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Hazar deňzi institutyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Hazar deňzi institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

110.230.000

010.120.040

010.140.050

010.150.010

Hazar deňzi institutyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 7-8, 1218-nji madda)

Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişine syn etmek we Hazar deňzine degişli bolan usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işini bes edip, onuň binýadynda Hazar deňzi institutyny döretmeli.

2. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň üstüne ýüklemeli.

3. Hazar deňzi institutyny işini bes eden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

4. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 3405-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2001-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 299-njy maddasy) üçünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G.Myradow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 9-njy awgusty

№ PP-554