Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.160.050
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 7-8, 1211-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň - Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Ruhyýet köşgünde geçirmeli.
2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
3. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran 385-nji Permany bilen tassyklanan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekilleriniň saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmeli hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan agzalarynyň sanawyny 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna bermeli.
4. Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.
5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 5-nji iýuly
№ PP-545
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2019-njy ýylyň 05-nji iýulynda
çykaran PP-545-nji Permany bilen tassyklandy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary
derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň
DÜZÜMI
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy (Guramaçylyk toparynyň Başlygy)
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy (Guramaçylyk toparynyň Başlygynyň orunbasary)
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri
Türkmenistanyň Bilim ministri
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
Türkmenistanyň Medeniýet ministri
Türkmenistanyň Energetika ministri
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministri
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy