Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.210.010

Oraza baýramyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 6, 1155-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2019-njy ýylyň 4-nji iýunynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 1-nji iýuny

№ PP-513