Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa A1 Halifany Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.200.040
Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa A1 Halifany Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 3, 1076-njy madda)
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasynda dostlugyň berkidilmeginde, uzak ýyllaryň dowamynda ykdysady, ylym-bilim, medeni we halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa A1 Halifany Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 15-nji marty
№ PP-487