Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň

at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 4-5, 175-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üştünlikler gazanylýar. Mähriban halkymyzyň çekýän agzybir we tutanýerli zähmeti netijesinde, eziz Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

Garaşsyz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda halk seýisleriniň yhlasly zähmeti netijesinde türkmen topragynda kemala gelip, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo Loma Osorio,

Fransiýa Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloiza Anemon Flawia Žirardä,

Özbegistan Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Bakturdi Matkarimowiç Ibadullaýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 27-nji apreli.

№ PP-93