1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
060.120.010
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli sowgatlary
gowşurmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 4, 1099-njy madda)
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
1. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli 102 uruş weteranyna, şol sanda 12 zenana, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň 9 ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary şu Permana goşunda laýyklykda dabaraly ýagdaýda gowşurmaly.
2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permanyň birinji böleginde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu Permana goşunda laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary P.Agamyradow, G.Myradow, Ç.Gylyjow, M.Çakyýew, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 25-nji apreli
№ PP-502
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde
çykaran PP-502-nji Permanyna
goşundy
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşuryljak gymmat bahaly sowgatlaryň
SANAWY
Erkekler üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Sany Bahasy (manat)
t/b
Sowgatlaryň atlary
Sany
Bahasy (manat)
1 Nah köýnek 1 sany 80,0
1
Nah köýnek
1 sany
80,0
2 Nah pižama 1 toplum 59,0
2
Nah pižama
1 toplum
59,0
3 Jorap 1 guty (4 jübüt) 26,0
3
Jorap
1 guty (4 jübüt)
26,0
4 Sütükli çalgyç (190х220sm ) 1 sany 85,0
4
Sütükli çalgyç (190х220sm )
1 sany
85,0
5 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 92,0
5
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
92,0
6 Düýe ýüňünden ýorgan (140х205sm) 1 sany 363,0
6
Düýe ýüňünden ýorgan (140х205sm)
1 sany
363,0
7 Milli nagyşly örülen saçak 1 sany 83,9
7
Milli nagyşly örülen saçak
1 sany
83,9
8 Radio (Meier) 1 sany 240,0
8
Radio (Meier)
1 sany
240,0
9 Demir demkeş (Termos) 1 sany 100,0
9
Demir demkeş (Termos)
1 sany
100,0
10 Korset 1 sany 20,0
10
Korset
1 sany
20,0
11 Tirseklik 1 sany 7,9
11
Tirseklik
1 sany
7,9
12 Goşarlyk 1 sany 6,4
12
Goşarlyk
1 sany
6,4
13 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 38,4
13
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
38,4
14 Sowgatlar üçin torba 1 sany 207,3
14
Sowgatlar üçin torba
1 sany
207,3
Jemi: 1408.9
Jemi: 1408.9
Zenanlar üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Sany Bahasy (manat)
t/b
Sowgatlaryň atlary
Sany
Bahasy (manat)
1 Bir köýneklik ştapel mata 2 m 81,0
1
Bir köýneklik ştapel mata
2 m
81,0
2 Trikotaž köýnek 1 sany 53,0
2
Trikotaž köýnek
1 sany
53,0
3 Jorap 1 guty (4 jübüt) 23,0
3
Jorap
1 guty (4 jübüt)
23,0
4 Sütükli çalgyç (190х220sm ) 1 sany 85,0
4
Sütükli çalgyç (190х220sm )
1 sany
85,0
5 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 92,0
5
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
92,0
6 Düýe ýüňünden ýorgan (140х205sm) 1 sany 363,0
6
Düýe ýüňünden ýorgan (140х205sm)
1 sany
363,0
7 Milli nagyşly örülen saçak 1 sany 83,9
7
Milli nagyşly örülen saçak
1 sany
83,9
8 Radio (Meier) 1 sany 240,0
8
Radio (Meier)
1 sany
240,0
9 Demir demkeş (Termos) 1 sany 100,0
9
Demir demkeş (Termos)
1 sany
100,0
10 Korset 1 sany 20,0
10
Korset
1 sany
20,0
11 Tirseklik 1 sany 7,9
11
Tirseklik
1 sany
7,9
12 Goşarlyk 1 sany 6,4
12
Goşarlyk
1 sany
6,4
13 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 38,4
13
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
38,4
14 Sowgatlar üçin torba 1 sany 207,3
14
Sowgatlar üçin torba
1 sany
207,3
Jemi: 1400.9
Jemi: 1400.9