Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

180.020.070

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 1, 958-nji madda)

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Rahman Joragulyýewiç Hojiýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämmedowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Gülröwşen Hemraýewna Annaýewany Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň S A. Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Wepa Muhammetmyradowiç Meredowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Şöhrat Dädebaýewiç Weljikowy Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Azamat Beşimowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Jumageldi Baýramowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Jumamyrat Kakageldiýewiç Nazarowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Durdymuhammet Taňyrberdyýewiç Akjaýewi ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Rejepdurdy Çaryýewiç Hudaýberenowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Sülgün Amanowna Annadurdyýewany ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 25-nji ýanwary

№ PP-466