Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.150.010

010.150.010

010.150.010

010.150.010

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak

ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky

döwlet komitetini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 1, 964-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini suw hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary E.Orazgeldiýew, G.Myradow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary

№ PP-475