Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna goşmaça girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna goşmaça girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.180.020

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna goşmaça girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 8-9, 852-nji madda)

«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

I. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 12-nji bendinden soň şu mazmunly 121 bendi goşmaly:

«121) Bütindünýä welosiped güni-3-nji iýun;».

II. «Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby bolümleriniň we birikmeleriniň söweşjeň baýdagynyň nusgasyny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 3693-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2002-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 393-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 24-nji sentýabry

№ PP-413A