Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

150.100.030

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 8-9, 850-nji madda)

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2018-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.

2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren uly ýaşly erkek raýatlary 2018-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.

3. Şu Perman çap edilen pursadyndan herekete girýär.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 18-nji sentýabry

№ PP-410