Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

180.020.070

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 4-5, 714-nji madda)

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Musamyrat Söýünberdiýewiç Söýünowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Amanmuhammet Amanberdiýewiç Işangulyýewi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Tawus Kakageldiýewna Handurdyýewany Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýewi Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Abdybaý Orazowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli;

Döwran Jumamyradowiç Hanowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Döwlet Orazgulyýewiç Alowowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli.

Nurgeldi Bekmyradowiç Baýryýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ahmetýar Kömekowiç Saparowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Alladurdy Çaryýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 14-nji apreli

№ PP-343