Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.110.050
010.140.060
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 7, 807-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolan türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň - Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylyň 24-25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Ruhyýet köşgünde geçirmeli.
2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli.
3. Şulary tassyklamaly (goşulýar):
1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini;
2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibini.
4. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary şu Permanyň üçünji böleginde görkezilen Tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekilleriniň saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmeli hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan agzalaryň sanawyny 2018-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna bermeli.
5. Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk- usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.
6. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 05-nji iýuly
№ PP-385
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2018-nji ýylyň 05-nji iýulynda
çykaran PP-385-nji Permany bilen
tassyklandy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň
DÜZÜMI
Gurbanguly Türkmenistanyň Prezidenti,
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy (Guramaçylyk toparynyň Başlygy)
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy (Guramaçylyk toparynyň Başlygynyň orunbasary)
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri
Türkmenistanyň Bilim ministri
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
Türkmenistanyň Medeniýet ministri
Türkmenistanyň Energetika ministri
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministri
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministri
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy
«Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2018-nji ýylyň 05-nji iýulynda
çykaran PP-385-nji Permany bilen
tassyklandy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine
jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň
TERTIBI
1. Şu Tertip «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 2-nji maddasynyň birinji böleginiň 13-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň (mundan beýläk - welaýatlar) halk maslahatlary tarapyndan jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň tertibini kesgitleýär.
2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini (mundan beýläk - wekil) saýlamak welaýatlardaky her bir etrabyň we şäheriň ilatynyň wekilçiligini üpjün etmek bilen, bäsleşik esasynda welaýatlaryň halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly geçirilýär.
3. Wekil saýlamaga dalaşgärleri hödürlemek etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň mejlislerinde açyk ses bermek arkaly bäsleşik esasynda geçirilýär. Şunda etraplaryň, şäherleriň düzümine girýän degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň ilatynyň wekilçiligi üpjün edilýär.
Döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerini, şeýle hem döwleti goramaga we pugtalandyrmaga, halkyň agzybirligini berkitmäge, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga saldamly goşant goşan, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr- sahawat işinde we işiň beýleki görnüşlerinde hyzmatlary bitiren adamlary we ýaşulularyň wekillerini, şeýle hem etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalaryny wekil saýlamak üçin dalaşgärlige hödürlemäge etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň hukugy bardyr.
Wekil saýlanmaga dalaşgärler degişli etrap, şäher halk maslahatynda wekilçilik edýän syýasy partiýalaryň toparlary we beýlekiler tarapyndan berlen teklipleriň esasynda erkin, açyk ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça hödürlenýär we wekil saýlanmaga hödürlenýän dalaşgärleriň etrap, şäher halk maslahatlarynyň kararlary bilen tassyklanan sanawy degişli welaýatlaryň halk maslahatlarynyň garamagyna berilýär.
4. Etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan wekil saýlanmaga hödürlenen her bir dalaşgär barada teklipler welaýatlaryň halk maslahatlarynyň mejlislerinde erkin, açyk ara alyp maslahatlaşylýar we onuň netijesi boýunça welaýatlaryň halk maslahatlarynyň kabul edilen kararlarynyň esasynda dalaşgärleriň sanawlary düzülýär.
Ses bermek welaýatlaryň halk maslahatlarynyň kabul eden kararlary esasynda düzülen sanaw boýunça geçirilýär. Düzülen sanawa laýyklykda ses bermek üçin saýlaw býulleteni taýýarlanýar.
Saýlaw býulleteninde welaýatlaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň erk-isleginiň erkin beýan edilmegi üçin zerur bolan maglumatlar ýerleşdirilýär.
5. Etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan wekil saýlanmaga hödürlenen dalaşgär barada teklipler kabul edilmese, teklip girizen halk maslahatyna bu barada habar berilýär hem-de dalaşgärleri gaýtadan hödürlemek täzeden geçirilýär.
6. Wekilleriň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek üçin, degişli welaýatyň halk maslahatynyň agzalarynyň arasyndan 3-5 adamdan ybarat ses sanaýjy topar döredilýär. Ses sanaýjy toparyň düzümine dalaşgärler welaýat halk maslahatynda wekilçilik edýän syýasy partiýalaryň toparlary tarapyndan hödürlenip bilner.
Ses sanaýjy toparyň düzümi welaýatlaryň halk maslahatlarynyň karary bilen tassyklanýar.
Ses sanaýjy toparyň başlygy we kätibi toparyň birinji mejlisinde saýlanýar.
7. Ses sanaýjy topar:
1) dalaşgärleriň sanawlaryny her etrap, şäher, şeýle hem welaýat boýunça anyklaýar we olary saýlaw býulletenlerine wekil saýlanmaga hödürlenen dalaşgäriň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny görkezip, döwlet dilinde elipbiý tertibinde ýerleşdirýär;
2) welaýatlaryň halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan gizlin ses bermek üçin saýlaw býulletenleriniň ýeterlik möçberde çap edilmegini üpjün edýär;
3) ses bermek üçin zerur bolan şertleri döredýär, ses bermegi guraýar we onuň jemlerini jemleýär.
Saýlaw býulletenlerine ses sanaýjy toparyň başlygy we kätibi gol çekýär.
8. Ses bermek saýlaw býulleteni esasynda ýörite bellenilen we enjamlaşdyrylan ýerde geçirilýär. Saýlaw býulletenleriniň berilýän we saýlaw gutusynyň goýulýan ýerleri öňünden ses sanaýjy topar tarapyndan anyklanylýar.
Zaýalanan saýlaw býulleteniniň deregine welaýatyň halk maslahatynyň agzasynyň haýyşy boýunça oňa saýlaw býulleteni gaýtadan berlip bilner.
9. Ses bermek başlanmazyndan öň ses sanaýjy toparyň başlygy toparyň agzalarynyň gatnaşmagynda saýlaw gutusyny barlaýar we degişli halk maslahatynyň möhüri bilen möhürleýär.
10. Ses bermek onuň erkinliginiň, gizlinliginiň we deňliginiň berjaý edilmegi bilen geçirilýär we wekiller degişli welaýatlaryň halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan gös-göni saýlanýar.
Ses bermegiň barşynda erk-islegiň beýan edilişine gözegçilik etmek gadagandyr.
Ses bermek wekilçiligiň bellenilen möçberiniň çäklerinde her etrap, şäher, şeýle hem welaýat boýunça dalaşgärleriň saýlaw býulletenine girizilen sanawy boýunça geçirilýär.
11. Welaýat halk maslahatynyň mejlisinde ses bermäge gatnaşmaly agzalaryň doly ses bermekleri bilen, saýlaw gutusy açylyp, sesler sanalýar.
Sesleri sanamagyň netijesine ses sanaýjy toparyň mejlisinde seredilýär we teswirnama düzülýär. Teswirnama toparyň başlygy, kätibi we agzalary gol çekýärler.
12. Gizlin ses bermegiň jemleri welaýatlaryň halk maslahatlarynyň mejlislerinde yglan edilýär. Halk maslahatlarynyň agzalarynyň ýönekeý köplüginiň ses bermegi bilen ses bermegiň netijelerini tassyklamak barada karar kabul edilýär.
13. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine saýlanan jemgyýetçiligiň wekili möhletinden öň çykyp giden halatynda, saýlaw gaýtadan geçirilýär.
14. Wekiller Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine onuň her bir mejlisi boýunça aýratyn saýlanylýar.