Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.180.020

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna

üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 2-3, 648-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler girizmeli:

Birinji bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

2. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginde:

ikinji böleginiň 1-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

2) 11-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«11) Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni – maý aýynyň soňky ýekşenbesi;»;

3) 14-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 30-nji marty

№ PP-321