Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2808-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.02.2020 ý. çykaran № PP-668 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Вerkаrаr döwletimizin bagtyýarlyk döwründe Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakyndaky hakyndaky Düzgünnamany;

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitet hakyndaky Düzgünnamany;

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamaly (goşulýar). (Birinji böleginiň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümine degişli bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.02.2020 ý. çykaran № PP-668 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen).

2. «Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran 333-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1992-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 184-nji maddasy);

«Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran 4997-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2008-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 80-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary B.Nurmyradowa, A.Goçyýew, S.Toýlyýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow, Türkmenistanyň Medeniýet ministri G.Mämmedowa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 04-nji oktýabry

№ PP-6434

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2013-nji ýylyň 04-nji oktýabrynda

çykaran PP-6434-nji Permany bilen

tassyklandy

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Magtymguly adyndaky halkara baýragy (mundan beýläk - Baýrak) has zehinli, ýokary çeperçilikli edebiýat we edebiýaty öwreniş eserleriniň, saz, kino hem-de şekillendiriş, teatr sungaty eserleriniň, teleradiogepleşikleriň, nusgawy hem-de tygşytly binagärlik desgalarynyň döredilendigi, konsert işi üçin, aýry-aýry raýatlaryň, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň Magtymgulynyň ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, şeýle hem çagalar üçin ýazylan ýokary çeperçilikli eserler üçin berilýär.

Daşary ýurt raýatlaryna bolsa, Baýraklar Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmäge hem-de häzirki döwürde milli medeniýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýan işleri, ylmy barlaglary, terjimeleri üçin, şeýle hem türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň pelsepä ýugrulan döredijilik mirasyny öwrenmekde we ony Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin berilýär.

2. Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitetiň (mundan beýläk - Komitet) garamagyna çeper edebi hem-de publisistik eserler, şol sanda terjimeler, žurnalistika, şekillendiriş, saz, teatr sungaty, horeografiýa, binagärlik eserleri, teleradiogepleşikler, çeper, dokumental, ylmy-populýar, kino we telewizion filmler, şeýle hem çagalar üçin eserler hödürlenýär.

3. Baýrak almak üçin işler ministrlikler, pudak edaralary, döredijilik we jemgyýetçilik guramalary, ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary, neşirýatlar, kärhanalar, edaralar hem-de guramalar tarapyndan hödürlenýär. Işler edaralaryň we guramalaryň ýygnaklarynda, jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň çeperçilik we уlmy geňeşleriniň mejlislerinde ýokary talapkärçilik bilen çemeleşmek ýagdaýynda baýrak almaga her bir dalaşgärlik edýäniň döredijilik goşandyny nazara almak bilen, jemgyýetçiligiň giňden gatnaşmagynda we doly aýanlygy üpjün etmek arkaly hödürlenýär. Dolandyryş, geňeşdarlyk we guramaçylyk işinden ugur alnyp adamlary dalaşgärlik edýänleriň toparynyň düzümine goşulmagyna ýol berilmeýär.

4. Soňky bäş ýylyň dowamynda çap edilen (jemagat öňünde görkezilen, bina edilen) edebiýat we sungat eserleri, ylmy işler hem-de binagärlik desgalary Baýrak almaga hödürlenip bilner.

Geçen ýyllarda döredilen aýratyn görnükli eserler we bu eserleriň milli medeniýeti şöhratlandyran awtorlary (şol sanda merhumlar) kadadan çykma hökmünde baýraga hödürlenip bilner.

5. Dalaşgär şol bir wagtyň özünde iki we şondan köp işini baýrak almaga hödürläp bilmez. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýelerine ýokary netijeler gazananda, täze eserleri döredende, bu Baýrak ikinji gezek hem berlip bilner. Ýöne soňraky Baýragy almaga öňki Baýrak berlenden azyndan bäş ýyl geçenden soň hödürlenip bilner.

6. Resminamalary Komitete hödürlemegiň hem-de olary resmileşdirmegiň tertibi Komitet tarapyndan tassyklanylýan tertip arkaly kesgitlenýär.

7. Deslapdan öwrenmegiň netijeleri boýunça Komitet tarapyndan garalmaga kabul edilen işleriň sanawy kabul etmek işi tamamlanandan soň, awtorlary we olary hödürlän guramalary görkezmek bilen, metbugatda çap edilýär.

8. Komitet tarapyndan garalýan işler metbugatda, teleradiogepleşiklerde, jemgyýetçiligiň, zähmetkeşleriň hem-de okuw mekdepleriniň ýygnaklarynda, alymlar geňeşlerinde, çeperçilik, redaksion-neşirýat geňeşleriniň mejlislerinde, döredijilik hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynda giňden we hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Ara alyp maslahatlaşmak giň jemgyýetçiligiň pikirini we berýän bahasyny äşgär ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän aýanlyk häsiýetli bolmalydyr. Şol ara alyp maslahatlaşmalaryň materiallary, synlar, seljermeler, bellikler we teklipler Komitete iberilýär hem-de Baýrak almaga hödürlenen işlere soňra garalanda göz öňünde tutulýar.

Ara alyp maslahatlaşmagy guramak ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, döredijilik birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň, gazetleriň hem-de žurnallaryň redaksion geňeşleriniň üstüne ýüklenýär.

9. Baýrak almaga hödürlenýän işleriň sanawy çap edilenden soň, Komitetiň düzüminiň agzalary olar bilen içgin tanyşýarlar, jemgyýetçiligiň pikirlerini umumylaşdyrýarlar we soňra hödürlenen işlere öz mejlislerinde garaýarlar. Şondan beýläk ara alyp maslahatlaşmak üçin has mynasyp eserleri seçip alýarlar. Zerur halatda Komitetiň düzüm agzalary işleri has doly we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin ýerlere gidýärler.

10. Komitet Baýraklary almaga hödürlenen ähli işlere garap, şolardan has mynasyplarynyň awtorlaryna Baýrak bermek baradaky teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleýär.

11. Baýrak Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen berilýär hem-de ol metbugatda çap edilýär.

12. Baýraklar toparlara berlen mahalynda Komitet şu aşakdaky kadany goldanýar: toparyň iki agzasy bolanda, Baýrak olaryň arasynda deň paýlanylýar; toparda üç adam bolanda, ýolbaşça Baýragyň ýarysy berilýär, ikinji ýarysy bolsa toparyň galan iki agzasynyň arasynda deň paýlanylýar; toparda dört we şondan köp adam bolanda, ýolbaşça Baýragyň üçden bir bölegi berilýär, üçden iki bölegi bolsa, toparyň galan agzalarynyň arasynda deň paýlanylýar. Topar ýolbaşçyny hödürlemedik halatynda Baýrak toparyň ähli agzalarynyň arasynda deň paýlanylýar.

13. Baýrak alan adamlara «Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi» diýen at berilýär, baýragyň eýesine diplom we döşe dakylýan nyşan gowşurylýar hem-de 10 000 amerikan dollary möçberde baýragyň pul bölegi tölenýär.

14. Baýraga eýe bolan adam aradan çykan ýagdaýynda, diplom we döşe dakylýan nyşan onuň maşgalasynyň saklamagynda galdyrylýar.

15. Aradan çykandan soň Baýraga mynasyp bolan adamy diplomy we döşe dakylýan nyşany onuň maşgalasyna berilýär. Baýragyň pul bölegi Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenen tertipde miras boýunça berilýär.

16. Baýrak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gowşurylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2013-nji ýylyň 04-nji oktýabrynda

çykaran PP-6434-nji Permany bilen

tassyklandy

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitet hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitet (mundan beýläk - Komitet) Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny (mundan beýläk - Baýrak) bermek boýunça işleri guraýar.

2. Komitetiň işgär sany 3 (üç) birlik bolup durýar.

3. Komitetiň düzümi 5 ýyl möhlet bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

4. Komitetiň düzümine görnükli döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, alymlar hem-de hünärmenler girizilýär. Daşary ýurt raýatlary hem Komitetiň düzümine girizilip bilner.

5. Komitet:

Baýragyň diplomyny hem-de döşe dakylýan nyşanynyň nusgasyny we teswirini tassyklaýar;

Baýrak almak üçin dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de resminamalary resmileşdirmegiň tertibini belleýär;

Baýrak almaga hödürlenýän işleri kabul edýär, olary hödürlemegiň tertibiniň takyk berjaý edilmegini resminamalar esasynda üpjün edýär;

bäsleşige gatnaşmak üçin has mynasyp işleri seçip alýar, şol işleriň sanawyny, awtorlaryny hem-de olary hödürlän guramalary görkezmek bilen, metbugatda çap edýär;

bäsleşige hödürlenen işleriň jemgyýetçilik tarapyndan giňden hem-de aç-açan ara alnyp maslahatlaşylmagyny guraýar, jemgyýetçiligiň pikirlerini we berýän bahalaryny köpçülige ýetirmekde aýanlygy üpjün etmäge ýardam edýär;

jemgyýetçiligiň bäsleşige gatnaşýan dalaşgärler baradaky pikirlerini we berýän bahalaryny umumylaşdyrýar;

Baýragyň eýesiniň diplomyny we döşe dakylýan nyşanyny resmileşdirýär, olaryň hem-de bellenen möçberdäki pul baýragynyň gowşurylmagyny guraýar;

Baýragyň eýeleriniň duşuşyklaryny geçirýär hem-de olaryň işi hakynda jemgyýetçilige habar berýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.

6. Komitetiň:

Baýrak almaga hödürlenen işlere deslapdan garamak, şol işleriň derejesi hakyndaky netijeleri hem-de şolar boýunça teklipleri taýýarlamak üçin ylym we tehnika barada ylmy açyşlary, edebiýatyň, sungatyň hem-de binagärligiň dürli ugurlary boýunça bölümçeleri we barlag toparlaryny döretmäge;

Baýrak almaga hödürlenen işlere syn bermäge we olaryň barlagy üçin edebiýat, sungat hem-de binagärlik boýunça aýry-aýry hünärmenleri çekmäge;

Baýrak almaga hödürlenen işleri netije çykarmak üçin ylmy, döredijilik we döwlet guramalaryna ibermäge;

Komitetiň düzüminiň agzalaryny, barlag toparlaryny teatr oýunlary hem-de çeper monumental sungat we binagärlik eserleri bilen ýerinde tanyşmak üçin ibermäge;

Komitetiň düzüminiň we barlag toparlarynyň agzalarynyň iş saparlary boýunça çykdajylaryny bellenen tertipde tölemäge (iş saparlary boýunça çykdajylaryň möçberi Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan tassyklanýar);

işleri Baýrak almaga hödürlemegiň we olara garamagyň bellenen tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga, işleri ara alyp maslahatlaşmak we olara baha bermek üçin metbugat, döredijilik, ylmy we beýleki edaralara ýüz tutmaga hukugy bardyr.

7. Komitetiň jemleýji mejlisi Aşgabat şäherinde geçirilýär we oňa Komitetiň düzüminiň agzalarynyň azyndan 4-den 3 bölegi gatnaşan mahalynda ygtyýarly hasap edilýär.

8. Komitetiň dalaşgäri Baýrak berilmegi üçin hödürlemek baradaky karary mejlise gatnaşan agzalarynyň azyndan 3-den 2 böleginiň açyk ses bermegi arkaly kabul edilýär we teswirnama görnüşinde resmileşdirilýär. Teswirnama Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenýär.

Komitetiň düzüminiň agzasynyň işi baýrak almaga hödürlenen halatynda, ol Komitetiň mejlisine öz işi ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşmaýar.

9. Komitetiň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany tarapyndan amala aşyrylýar.

10. Işlere syn bermek we şol işler boýunça barlag geçirmek, şeýle hem Komitetiň işgärlerini saklamak üçin çykdajylar Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

11. Komitetiň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri bardyr.