Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny

çagyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2807-nji madda)

Asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelen ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp ornuna buýsanmak bilen, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda çykaran 6201-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2013-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde çagyrmaly.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 04-nji oktýabry

№ PP-6433