Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 389-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijelere eýe bolýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet üstünliklerine beslenip, ata Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.

Mähriban enelerimiz jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, başarjaň, giň düşünjeli nesilleri ösdürip ýetişdirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň alyp barýan işleri sylag-hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge, medeniýetiň ösmegine goşan uly şahsy goşantlary, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini, ýokary önümçilik-ykdysady görkezijilerini we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulbossan Geldiýewna Sahatowany,

Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbansoltan Orazmyradowany,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga geňeşliginiň Ýasga oba medeniýet öýüniň müdiri Ogultäç Haladowany,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Daşoguz Jemagat abatlaýyş gurluşyk trestiniň Görogly etrabara Abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň işçiler toparynyň ýolbaşçysy Güljan Ýusupowna Eminowany,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulsapar Çaryýewany,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Şirinjemal Hapadyýewany.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 5-nji oktýabry

№ PP-201