Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 1, 551-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli özgertmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketleriniň üsti bilen sagdyn-durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak, döwletimiziň sport we ýaşlar babatdaky syýasatyny utgaşykly alyp barmak hem-de watançy, sagdyn pikirli, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini işini bes eden Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary P.Agamyradow, G.Myradow, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwary

№ PP-293