Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagyny we pagta arassalaýjy senagatyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagyny we pagta arassalaýjy senagatyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagyny we pagta arassalaýjy

senagatyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 12, 5336-njy madda)

Pagtanyň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, düşewüntliligiň derejesini ýokarlandyrmak, oba hojalygynyň bazar ykdysadyýetine çalt geçmegini üpjün etmek, şeýle hem türkmen pagtasynyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Pagta arassalaýjy senagat baradaky «Türkmenpagtasenagat» assosiasiýasyny ýatyryp, onuň esasynda «Türkmenpagta» döwlet konsernini döretmeli.

2. «Türkmenpagta» döwlet konserni öz işini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göni ýolbaşçylygy astynda amala aşyrýar diýip bellemeli.

3. «Türkmenistanyň oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-ýylyň 24 aprelinde çykaran № 1792 kararynyň 3 punktunyň Pagta arassalaýjy senagat baradaky «Türkmenpagtasenagat» assosiasiýasy hakyndaky bölegini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 23-nji dekabry

№ PP-2085