Türkmenistanyň maldarçylyk aksioner jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň maldarçylyk aksioner jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 12, 5335-nji madda)
Maldarçylygyň önümliligini ýokarlandyrmak, maldarçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, ýöriteleşmegi we özgertmeleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň maldarçylyk aksioner jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasyny döretmeli.
2. Türkmenistanyň maldarçylyk aksioner jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasy göni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr diýip bellemeli.
3. Türkmenistanyň maldarçylyk aksioner jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasy Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, Assosiasiýa hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny bir aý möhletde işläp taýýarlamalydyr hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin bermelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 23-nji dekabry
№ PP-2084