Oba hojalygyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek işini kämilleşdirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oba hojalygyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek işini
kämilleşdirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 12, 5333-nji madda)
Eýeçiligiň we hojalygy ýöretmegiň ähli görnüşlerindäki oba hojalyk önümlerini öndürijilere önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de maşyn-trakror parkyny netijeli peýdalanmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Obahyzmat» önümçilik-tehniki hyzmat baradaky assosiasiýasyny ýatyrmaly.
2. Ýatyrylan «Obahyzmat» önümçilik-tehniki hyzmat baradaky assosiasiýasynyň esasy fondlary we emlägi esasynda Oba hojalygyna önümçilik-tehniki we agrohimiýa taýdan hyzmat etmek baradaky aksioner jemgyýetleriniň «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasyny döretmeli (mundan beýläk «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy diýip atlandyrylýar).
3. «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy göni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr diýip bellemeli.
4. «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi we beýleki dahylly ministrlikler hem-de wedomstwolar bilen ylalaşyp, Assosiasiýa hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny bir aý möhletde işläp taýýarlamalydyr we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine girizmelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 23-nji dekabry
№ PP-2082