Käbir kanunçylyk aktlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Käbir kanunçylyk aktlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 12, 5322-nji madda)
Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak maksady bilen we «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
«Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlaryny we kwartiralary satmagy, peşgeş bermegi hem-de çalyşmagy wagtlaýyn gadagan etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992 ýylyň 12 maýynda çykaran № 400 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1992 ý., № 5, 307 madda);
«Türkmenistanda harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaý meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993 ýylyň 3 sentýabrynda çykaran № 996 Permanynyň 3 maddasyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ýyl, № 9, 1521 madda).
2. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 6-njy dekabry
№ PP-2070