Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň

«Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

010.200.040

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 11-12, 3401-nji madda)

Magtymguly Pyragy ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň beýik şahyrydyr. Geçmişde hem, häzirki döwürde hem ynsan kowumy türkmen halkynyň dana ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belent tutup, söz ussadynyň adamyň paýhas duýgularyna oňyn täsir edýän, durmuşyny özgerdýän hem-de dogry ýola gönükdirýän dürdäne şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar.

Beýik şahyryň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň aýdymy bolup joşgunly ýaňlanýan goşgulary ynsan köňlüniň nagşydyr. Tämiz ruhly, sagdyn ahlakly ajaýyp şygyrlaryna siňdirilen giň, çuň we örän gymmatly filosofik pikirler, ynsanperwer garaýyşlar bolsa, ynsan ýüreginiň buýsanjydyr. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, çeken önjeýli zähmetlerini we ajaýyp döredijilik üstünliklerini nazara alyp, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamaly:

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýeganini,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Helmut Wolfgang Herman Breti,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) Aşgabatdaky wekili Annegret Baýeri,

Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň prezidenti Neda Bergeri,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Simitson institutynyň direktory Pol Maýkl Teýlory,

Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Fýodorowna Solowýowany,

Russiýa Federasiýasynyň «Moskowskiý literator» gazetiniň baş redaktory Iwan Ýurýewiç Golubniçini,

Ukrainanyň Teleradio ýaýlymlar komitetiniň Neşir işleri we habar beriş departamentiniň direktory Oleksiý Kononenkony,

Ukrainanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy Pawlo Mowçany,

Gruziýanyň Tbilisi döwlet uniwersitetiniň uly ylmy işgäri Zezwa Medulaşwilini,

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň Türki halklaryň edebiýaty kafedrasynyň müdiri Ramiz Bahşali oglu Askarowy,

Azerbaýjan Respublikasynyň milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy adyndaky Edebiýat institutynyň dissertanty Ismikhan Mahammad oglu Osmanlini,

Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň Edebiýat fakultetiniň Häzirki zaman türk dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň müdiri, dosent Nergis Biraýi,

Hytaý Halk Respublikasynyň Minzu uniwersitetiniň professory Minawaýer Aibibulany,

Hindistan Respublikasynyň Indira Gandi adyndaky Sungat milli merkeziniň Günbatar we Merkezi Aziýa boýunça geňeşçisi Mansura Haýdary,

Hindistan Respublikasynyň Gulluklaryň Birleşen institutynyň alym geňeşçisi, Hindistan-Merkezi Aziýa gaznasynyň müdiri Nirmala Martand Joşini,

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi, «Medical Excellence Japon» guramasynyň prezidenti Suzo Ýamamotony,

Ýaponiýanyň «Toshibo» Saglygy goraýyş kompaniýasynyň prezidenti Satoşi Tsunakawany,

Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň professory Hideomi Koimimany,

Malaýziýanyň Yslam ylymlary uniwersitetiniň Yslamy öwreniş we golýazmalar boýunça professory Najm Abdulrahman Halaf Abu Jadwdany.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabatş.,

2014ý. dekabr aýynyň 10-y

№ PP-6666