Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Mülkaman» we «Görelde» daýhan birleşiklerini üýtgedip guramak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Mülkaman» we «Görelde» daýhan birleşiklerini üýtgedip guramak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Mülkaman» we «Görelde»

daýhan birleşiklerini üýtgedip guramak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 11, 5279-njy madda)

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Mülkaman» we «Görelde» daýhan birleşikleriniň kollektiwleriniň ýüztutmasyny, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň we Mary welaýatynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara almak bilen, karar edýärin:

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Mülkaman» we «Görelde» daýhan birleşiklerini üýtgedip gurap, Suhty geňeşliginiň serhetlerinde, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Görelde» daýhan birleşigini döretmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 21-nji noýabry

№ PP-2044