Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjana 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjana 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjana

1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5638-nji madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň çözgüdine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmen-eýran dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary we bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetini, ylmyny, bilimini, sungatyny, medeniýetini ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjana 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 12-nji maýy

№ PP-2213