Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5218-nji madda)

Döwletde we jemgyýetde demokratik institutlary pugtalandyrmak, adamyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň azatlygyny berjaý etmek, hemişelik bitaraplyk statusly döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, adamyň hukuklary we azatlyklary babatynda ylmy-amaly barlaglary geçirmek üçin, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň ýerleşýän ýerini Aşgabat şäheri diýip kesgitlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 23-nji oktýabry

№ PP-1994