Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 10, 3349-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslemek, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şan-şöhraty dünýä dolan ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ähli ulgamlarda il-ýurt bähbitli döwletli işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak boýunça hem köp işler edilýär. Alnyp barylýan bu işler özüniň oňyn netijesini hem berýär. Ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenip geçilýän milli baýramlarymyzda, şanly senelerimizde, halkara möçberindäki medeni çärelerde medeniýet we sungat ussatlarymyz, döredijilik işgärlerimiz, ýazyjy-şahyrlarymyz üstünlikli çykyş edýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary, döredijilik işgärleri bagtyýar zamanamyzy, merdana halkymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, milli aýratynlyklaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezýän ajaýyp eserleri döredýärler. Olaryň kämil eserleri döretmekleri, bagtyýar ýaşamaklary we netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, edebiýatyny, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, žurnalistikasyny, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmäge, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, bütin halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolan, çeperçilik taýdan gymmatly edebi eserleri hem-de çeperçiligi ýokary nakgaşçylyk eserlerini döredendikleri üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de çeperçilik ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, joşgunly zehinini, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Senagat demir ýol ulaglary döwlet kärhanasynyň «Altyn menzil» folklor aýdym-saz toparynyň baş ýolbaşçysy Läle Gylyçmyradowna Begnazarowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Muhametdurdy Pälwanowiç Muhammetnyýazowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň drama artisti Rejepgeldi Gurbanowa,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Estrada artistler toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Sahydursun Aşyrowna Hojakowa;

«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Rejepmuhammet Berdiýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Möjek Orazmyradowiç Çaryýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Guseýn Guseýn-Aliýewiç Guseýnowa,

Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň sergi zalynyň müdiri Ata Akyýewe;

«Türkmenistanyň halk ýazyjysy»

diýen hormatly ady:

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçisi Nobatguly Rejepowa;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Režissura we teatry öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Suraý Hojamgulyýewna Maşaýewa,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň «Çar tarapdan» radioýaýlymynyň Habarlar bölüminiň jogapkär kätibi Orazgül Nurmuhammedowa,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans toparynyň baş baletmeýsteri Maral Öwezgeldiýewna Aşyralyýewa,

Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Güljemile Orazgeldiýewna Amanowa,

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň yşyk boýunça suratkeşi Durdy Öwezdurdyýewe,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Ýöritenebitgurnama-gurluşyk» trestiniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçiler medeniýet köşgüniň direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary - «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň çeper ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Saryýa Karahanowa,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligindäki oba medeniýet öýüniň müdiri Şemşat Garlyýewna Hudaýnazarowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülkamar Rejepbaýewa,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Asdanberdi Möwlamberdiýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti»

diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň müdiri Çarymyrat Baýramowiç Ahunowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň mugallymy Aýgül Rejepmyradowna Ýagşyýewa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz mugallymy kafedrasynyň mugallymy Orazgeldi Sapargylyjowiç Seýitgeldiýewe,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Aýdym-sazly, şowhunly gepleşikler bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Meretgeldi Saparowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň drama artisti Ýeňiş Amanmuhammedowiç Ýazmyradowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň drama artisti Atamyrat Çotanowiç Ataýewe,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Kuwwat Orazmuhammedowiç Çaryýewe,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň orkestr artisti Muhammetçary Saparowiç Annamyradowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň orkestr artisti Hojaguly Çaryýewe,

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady Ogulgözel Atagylyjowna Gurbanowa,

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussady Pirnepes Öräýewiç Hojanepesowa,

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti Halmyrat Şihyýewe,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Azat Hudaýberdiýewiç Hümmedowa,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrap medeniýet merkeziniň folklor-tans toparynyň artisti Mährijemal Jumaýewa,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrap medeniýet merkeziniň sazandasy Döwletmyrat Durnazarowiç Hudaýberenowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Rahat Baýramowa;

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy»

diýen hormatly ady:

Balkan welaýatynyň Bereket etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Täçdurdy Gulmyradowa,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşligindäki Gyzyl Gojaly oba medeniýet öýüniň müdiri Meretgeldi Perdeliýewiç Tüňňiýewe;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Muhammet Ýüzbaşewe,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň oýun goýujy suratkeşi Meretgeldi Gündogdyýewe,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň suratkeş dizaýneri Andreý Witalýewiç Boçarowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymy Zeýtuna Saminowna Ahmedžanowa,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň yşyk boýunça suratkeşi Batyr Kulnazarowiç Bekmyradowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Amansähet Annaberdiýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Wladimir Konstantinowiç Bagdasarýana,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Allamyrat Muhammedowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Kamil Nuryýewiç Weliahmedowa,

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň ýanyndaky sazly drama toparynyň ýolbaşçysy Amanmämmet Annalyýewiç Nazarowa,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Narkuly Kalandarowiç Huseýinowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň Rus dilinde terjimeçiler toparynyň terjimeçisi Alla Weniaminowna Gorelowa,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Aşgabat çaphanasynyň Gökdepedäki bölümçesiniň topar ýolbaşçysy Annabaýram Hojalyýewiç Paýaýewe,

«Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri Allaguly Ýusupowa,

«Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň öz habarçysy Abraýguly Möwlamowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 3-nji oktýabry.

№ PP-6638