Ýoldaş A. Berkeliýewe «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş A. Berkeliýewe «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at
gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5207-nji madda)
Işde gazanan ýokary görkezijileri, ylmy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäşýyllygy mynasybetli karar edýärin:
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-tehnika institutynyň direktory ýoldaş Amandurdy Berkeliýewe «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 10-nji oktýabry
№ PP-1925