Oraza baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramyny bellemek hakynda
010.210.000
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014-nji ýyl, № 7, 3247-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek, şeýle hem «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2014-nji ýylyň 29-njy iýulynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.
2. 2014-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky - duşenbedäki iş gününi 26-njy iýula - şenbe gününe geçirmeli hem-de 28-nji iýuly iş güni däl diýip yglan etmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2014-nji ýylyň 25-nji iýuly
№ PP-6608