«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň işgärleriniň bir toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň işgärleriniň bir toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5642-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary, netijeli çeken zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin, şulary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Bäherdeniň çeper önümler fabriginiň halyçysy Gurbangözel Amanmyradowany,
Gyzyletregiň haly fabriginiň halyçysy Sapargül Amangeldiýewany,
Marynyň ýüň ýuwýan fabriginiň sortlaýjysy Oguloraz Aşyrowany,
Gazanjygyň haly fabriginiň halyçysy Oguldursun Baýlyýewany,
Türkmengalanyň haly fabriginiň halyçysy Heseljemal Şagylyjowna Nazarowany,
Aşgabadyň ýüňi işläp geçýän «Egriji» kärhanasynyň egrijisi Şasenem Nyýazgulyýewna Nurgeldiýewany,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Orazly Orazberdiýewi,
Nebitdagyň haly fabriginiň halyçysy Ogultäç Muhammedowany,
Garrygalanyň haly fabriginiň halyçysy Ogulgerek Myradowany,
Kerkiniň haly fabriginiň ussasy Göwher Çaryýewna Turdyýewany.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 23-nji maýy
№ PP-2217