Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 5, 3171-nji madda)

Türkmen halysy gözelligi we nepisligi, özboluşlylygy hem-de örän kämilligi bilen umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gadymy sungatlarymyzyň biridir. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň beýany bolan türkmen halysynyň her bir çitimine çeper elli zenanlarymyzyň uly yhlasy we tutanýerli zähmeti siňendir. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem biz halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge aýratyn üns berýäris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gökdepe çeper halyçylyk kärhanasynyň haly önümhanasynyň halyçysy Aýnagül Hojanazarowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhanasynyň halyçysy Ogulgurban Meretmyradowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sapardurdy Salyhowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Annatäç Berdiyewna Gylyjowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2014-nji ýylyň maý aýynyň 23-i.

№ PP-6582