Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 9, 5183-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP-2472, № PP-2475)

Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen )

Türkmenistanyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 1996 ýylyň 1 oktýabryndan başlap kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň işgärleriniň wezipe aýlyk hakynyň hem-de iş hakynyň möçberlerini ortaça 2 esse, şol sanda işgärleriň zähmetine az hak tölenilýän toparlarynyň wezipe aýlyk hakynyň we iş hakynyň möçberlerini 3 essä çenli ýokarlandyrmaly.

2 we 5 punktlary Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP-2472 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

3. Graždanlara we harby gullukçylara tölenilýän, iş hakyndan hem-de pul üpjünçiliginden hasaplanylan pensiýalaryň esasy möçberlerini 1996 ýylyň 1 oktýabryndan başlap 2 esse ýokarlandyrmaly.

Tölenilýän pensiýanyň anryçäk möçberini:

ýaşy boýunça pensiýa alýan pensionerlere aýda 88 müň manada çenli;

Beýik Watançylyk urşunyň maýyplaryna we oňa gatnaşyjylara (Sowet Soýuzynyň Gahrymanlaryndan hem-de Şöhrat ordeniniň üç derejeleri bilen sylaglanan adamlardan başga) aýda 120 müň manada çenli;

ýeňillikler boýunça Beýik Watançylyk urşunyň maýyplary we oňa gatnaşyjylar bilen deňleşdirilen adamlara aýda 104 müň manada çenli artdyrmaly.

4 punkty Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP-2475 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

6. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

«Iň az iş haky we pensiýa hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994 ýylyň 26 dekabrynda çykaran № 1439 Permanynyň 1 punktuny;

«Iş hakyny, pensiýalary, stipendiýalary we beýleki tölegleri ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 27 dekabrynda çykaran № 1700 Permanynyň 1, 3, 4, 5, 6 punktlaryny;

«Iş hakyny, pensiýalary, stipendiýalary we kömek pullaryny ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996 ýylyň 24 aprelinde çykaran № 1793 Permanynyň 2, 4, 5 punktlaryny we 3 punktunyň birinji abzasyndan başga abzaslaryny.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 30-njy sentýabry

№ PP-1917