Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň «Zarpçy» we «Nowruz» daýhan birleşiklerini üýtgedip guramak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň «Zarpçy» we «Nowruz» daýhan birleşiklerini üýtgedip guramak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 9, 5182-nji madda)
Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň «Zarpçy» we «Nowruz» daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleriniň isleglerini hem-de Lebap welaýatynyň häkimliginiň towakganamasyny nazara almak bilen, karar edýärin:
Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň «Zarpçy» we «Nowruz» daýhan birleşiklerini üýtgedip guramak bilen, Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň Zarpçy geňeşliginiň serhetlerinde «Zarpçy» daýhan birleşigini döretmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 30-njy sentýabry
№ PP-1916