Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly

bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 9, 5179-njy madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary, «10 ýyl abadançylyk» maksatnamamyzda kesgitlenilen syýasy, ykdysady, sosial özgerişlikleri üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli zähmet çekendigi, Milli galkynyş hereketiniň ýurtda durnuklylygy, halkyň bitewiligini, jebisligini üpjün etmek baradaky işine goşan şahsy goşandy üçin we Watanyň beýik garaşsyzlygynyň taryhy bäşýyllygynyň şanyna, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Ýazgeldi Potaýewiç Gündogdyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynyň Iş Dolandyryjysynyň birinji orunbasary Aleksandr Nikolaýewiç Žadany,

Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi Wladimir Mihaýlowiç Umnowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi Wiktor Mihaýlowiç Hramowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 25-nji sentýabry

№ PP-1911