Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda
010.200.080
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 5, 3160-njy madda)
Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, iki doganlyk halky gadymdan bäri baglanyşdyrýan taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklara uly ähmiýet berýärler. Şoňa görä-de, bu gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňden alyp barýarlar. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde iki goňşy döwletiň doganlyk halklarynyň düýpli bähbitlerine hyzmat edýär.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dowam edip gelýän ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni we ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň pelsepä ýugrulan döredijiligini Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde, ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň kararyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2014-nji ýylyň maý aýynyň 09-y.
№ PP-6569