1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
060.120.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014-nji ýyl, № 4, 3119-njy madda)
1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
1. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli 566 uruş weteranyna, şol sanda 53 zenana, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň 88 ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary şu Permana goşunda laýyklykda dabaraly ýagdaýda gowşurmaly.
2. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi şu Permanyň 1-nji bölüminde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu Permana goşunda laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew, B.Italmazow, P.Taganow, Türkmenistanyň Maliýe ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 24-nji apreli
№ 6566
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2014-nji ýylyň 24-nji aprelinde
çykaran РР-6566-njy P ermanyna
goşundy
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşuryljak gymmat bahaly sowgatlaryň sanawy
Erkekler üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi Bahasy (manat)
t/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
Bahasy (manat)
1 Nah matadan köýnek 1 sany 28,00
1
Nah matadan köýnek
1 sany
28,00
2 Trikotaž matadan “Polo” köýnegi 1 sany 42,00
2
Trikotaž matadan “Polo” köýnegi
1 sany
42,00
3 Trikotaž matadan sport geýimi 1 toplum 77,00
3
Trikotaž matadan sport geýimi
1 toplum
77,00
4 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 85,00
4
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
85,00
5 Elçalgyç (70x140 sm) 1 sany 7,20
5
Elçalgyç (70x140 sm)
1 sany
7,20
6 Elçalgyç (50x100 sm) 1 sany 3,60
6
Elçalgyç (50x100 sm)
1 sany
3,60
7 Odeýal (200x240 sm) 1 sany 200,00
7
Odeýal (200x240 sm)
1 sany
200,00
8 Şiresykyjy(Beko) 1 sany 320,00
8
Şiresykyjy(Beko)
1 sany
320,00
9 Radio(Toşhiba) 1 sany 123,00
9
Radio(Toşhiba)
1 sany
123,00
10 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 31,06
10
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
31,06
11 Sowgatlary salmak üçin torba 1 sany 119,50
11
Sowgatlary salmak üçin torba
1 sany
119,50
Jemi: 1 036,36
Jemi:
1 036,36
Zenanlar üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi Bahasy (manat)
t/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
Bahasy (manat)
1 1 kişilik panbarhat mata 3 m 96,00
1
1 kişilik panbarhat mata
3 m
96,00
2 Bir kişilik ştapel mata 2 m 27,20
2
Bir kişilik ştapel mata
2 m
27,20
3 Trikotaž matadan gijeki köýnek 1 sany 14,50
3
Trikotaž matadan gijeki köýnek
1 sany
14,50
4 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 85,00
4
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
85,00
5 Elçalgyç (70x140 sm) 1 sany 7,20
5
Elçalgyç (70x140 sm)
1 sany
7,20
6 Elçalgyç (50x100 sm) 1 sany 3,60
6
Elçalgyç (50x100 sm)
1 sany
3,60
7 Odeýal (200x240 sm) 1 sany 200,00
7
Odeýal (200x240 sm)
1 sany
200,00
8 Radio(Toşhiba) 1 sany 123,00
8
Radio(Toşhiba)
1 sany
123,00
9 Çörek bişiriji (Beko) 1 sany 295,00
9
Çörek bişiriji (Beko)
1 sany
295,00
10 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 31,06
10
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
31,06
11 Sowgatlary salmak üçin torba 1 sany 119,50
11
Sowgatlary salmak üçin torba
1 sany
119,50
Jemi: 1 002,06
Jemi:
1 002,06