Ýoldaş N. D. Şadurdyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakypda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş N. D. Şadurdyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakypda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5578-nji madda)
Balyk gorlaryny goramak işine goşan önjeýli goşandy üçin we Türkmenistanyň balyk gorlaryny goramak hem-de balyk tutmagy düzgünleşdirmek baradaky döwlet gullugynyň 70 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Suw hem-de biologik resurslary goramak, düzgünleşdirmek, peýdalanmak baradaky Kaspi uprawleniýesiniň Esenguly etrap inspeksiýasynyň sürüjisi ýoldaş Nyýazdurdy Durdyýewiç Şadurdyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 16-njy apreli
№ PP-2189