Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň

kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5577-nji madda)

Türkmenistanyň Döwlet serhedini, Türkmenistanyň kontinental şelfini, deňiz ykdysady zonasyny goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Serhet goşunlaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyny ministrligiň hukuklarynda döretmeli.

2. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Serhet goşunlary uprawleniýesini ýatyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 14-nji apreli

№ PP-2186