Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini
döretmek hakynda
010.150.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014-nji ýyl, № 4, 3104-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik işlerine gözegçiligi has-da güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini döredip, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligini ýapmaly.
2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini ýapylan Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary M.Artykow we A.Goçyýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimumaedow
Aşgabat şäheri
2014-nji ýylyň aprel aýynyň 4-i.
№PP-6551.