Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

010.180.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014-nji ýyl, № 4, 3100-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:

1. «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Düzgün-nyzam ustawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda çykaran 1905-nji Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1996-njy ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň I böleginiň 5173-nji maddasy) bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Düzgün-nyzam ustawynyň 3-nji bölüminiň sekizinji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«özüni we beýlekileri gelşiksiz hereketleri etmekden, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň kasamynyň sarpasyna dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüni alyp barmak) arkaly hem-de islendik beýleki görnüşde şek ýetirilmekden, şeýle hem ol baradaky hormatlamazlyga ýol bermekden saklamaga, şeýle hem jemgyýetçilik ýerlerinde özüni mynasyp alyp barmaga, raýatlaryň abraýyny we mertebesini goramaga ýardam etmäge borçly edýär.».

2. «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň içerki gullugynyň ustawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 6-njy yanwarynda çykaran 2094-nji Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň içerki gullugynyň ustawynda:

şu mazmunly 55l—nji bölümi goşmaly:

«551 . Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylary wezipä bellenende, döwlet sylaglary bilen sylaglananda, olara harby atlar dakylanda, hormat garawulyna girişende we beýleki aýratyn dabaraly ýagdaýlarda kasamy Döwlet (söweşjeň) baýdagynyň öňünde baş gabyny çep eline alyp, sag dyzyny epip, Döwlet (söweşjeň) baýdagynyň aşaky burçuny sag eline alyp, başyny egip, ony üç gezek öpüp, her öpende Döwlet (söweşjeň) baýdagynyň burçuny maňlaýyna sylyp hem-de nyzamly duruş ýagdaýynda sag elini ýüreginiň üstünde goýup;

gündelik işinde kasamy nyzamly duruş ýagdaýynda sag elini ýüreginiň üstünde goýup aýdýarlar.»;

159-njy bölümine şu mazmunly on sekizinji bendi goşmaly:

«Harby edaralaryň ýokary we ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň okuw otaglarynda, harby bölümleriň (gämileriň), edaralaryň «Söweşjeň şöhrat (taryhy)» we «Galkynyş» otaglarynda, beýleki görnükli ýerlerde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň kasamynyň ýazgysy ýerleşdirilýär.».

3. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň kasamy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran 5531-nji Permanynda:

1 -nji bölüminde «aýratyn dabaraly ýagdaýlarda» diýen sözlerden soň «, gündelik işinde» diýen sözleri goşmaly;

3-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de işgärleri:

wezipä bellenende, döwlet sylaglary bilen sylaglananda, olara harby we ýörite atlar dakylanda hem-de hünär derejeleri berlende, hormat garawulyna girişende we beýleki aýratyn dabaraly ýagdaýlarda kasamy Döwlet (söweşjeň) baýdagynyň öňünde baş gabyny çep eline alyp, sag dyzyny epip, Döwlet (söweşjeň) baýdagynyň aşaky burçuny sag eline alyp, başyny egip, ony üç gezek öpüp, her öpende Döwlet (söweşjeň) baýdagynyň burçuny maňlaýyna sylyp hem-de nyzamly duruş ýagdaýynda sag elini ýüreginiň üstünde goýup;

gündelik işinde kasamy nyzamly duruş ýagdaýynda sag elini ýüreginiň üstünde goýup aýtmaly.».

4. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynyň 2-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy boýunça:

Döwlet serhet goragy müdirliginiň başlygy;

Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy;

Terbiýeçilik işleri müdirliginiň başlygy;

Tehniki-üpjünçilik müdirliginiň başlygy;

Üpjünçilik müdirliginiň başlygy;

Aňtaw bölüminiň başlygy;

Guramaçylyk-mobilizasiýa bölüminiň başlygy.».

5. «Türkmenistanda binýatlyk mukdarlary bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11 -nji maýynda çykaran 5594-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2010-njy ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 856-njy maddasy) 2-nji bölüminiň üçünji bendinde «we administratiw» diýen sözleri aýyrmaly.

II. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu namalaryny güýjüni ýitiren hasap etmeli:

«Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran №333 Permanyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 1-nji aprelinde çykaran 798-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1993-nji ýyldaky 4-nji ýygyndysynyň 1154-nji maddasy);

«Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň pul görnüşli bölegini üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 6-njy maýynda çykaran 1222-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1994-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 1998-nji maddasy) 1-nji we 3-nji bölümlerini;

«Täjow Ş.R. hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 7-nji dekabrynda çykaran 4595-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2006-njy ýyldaky 12-nji ýygyndysynyň 1173-nji maddasy) 2-nji bölümini.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2014-nji ýylyň aprel aýynyň 2-si.

№PP-6547.