Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegiň möçberini kesgirlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegiň möçberini kesgirlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda
140.010.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 3, 3079-njy madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, ilatymyza öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek hem-de “Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar üçin tölegiň möçberini kesgitlemegiň binýatlyk mukdaryny 750 manat möçberde bellemeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Maliýe ministri D.Sadykow, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganow hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2014-nji ýylyň mart aýynyň 14-i.
№PP-6543