Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby organlarynda kadrlar işiniň derejesini ýokarlandyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby organlarynda kadrlar işiniň derejesini ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby organlarynda kadrlar işiniň derejesini ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5569-njy madda)

Türkmenistanyň hukuk goraýjy, gümrük we harby organlarynyň kadrlar düzümini hil taýdan gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Kanunylygy bozandygy we abraýdan gaçyrýan etmişleri edenligi üçin, ozal içeri işler, Milli howpsuzlyk, prokuratura, sud, döwlet gümrük organlaryndan, Ýaragly Güýçlerden, serhet, içerki goşunlardan boşadylan adamlary Türkmenistanyň hukuk goraýjy, gümrük we harby organlaryna işe (gulluga) kabul etmegi gadagan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçiligi goranmagyň, milli howpsuzlygyň, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegi üçin jogapkär bolan ministrlikleriň we wedomstwolaryň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 3-nji apreli

№ PP-2178