Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
010.210.000
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014-nji ýyl, № 1, 2980-nji madda)
Hatyra gününiň şu ýyl dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2014-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndaky dynç gününi 13-nji ýanwara geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 10-njy ýanwary.
№ PP-6501.