Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Milisiýanyň polkownigi O. Garataýewi we milisiýanyň podpolkownigi A. Annadurdyýewi ýörite atlarda peseltmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Milisiýanyň polkownigi O. Garataýewi we milisiýanyň podpolkownigi A. Annadurdyýewi ýörite atlarda peseltmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Milisiýanyň polkownigi O. Garataýewi we milisiýanyň podpolkownigi

A. Annadurdyýewi ýörite atlarda peseltmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5568-nji madda)

Kadrlary seçip almak, ýerli-ýerinde goýmak, okatmak we terbiýelemek işinde goýberen düýpli säwlikleri, tabynlygyndakylaryň işine ýeterlik kontrollygyň ýoklugy, operatiw-gulluk işini we hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy guramakdaky kemçilikleri, jenaýatçylyga garşy göreşi gowşadanlygy üçin milisiýanyň polkownigi Orazguly Garataýewi we milisiýanyň podpolkownigi Amanmyrat Annadurdyýewi ýörite atlarda bir dereje peseltmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 3-nji apreli

№ PP-2177